img

2021-nji ýylyň 17-18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda “Sanly çözgüt IT meýdança” Hojalyk jemgyýetiniň binasynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşik geçirildi

Bäsleşik “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üpjin etmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, innowasion programma üpjünçiliklerini önümçilige ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply milli programma üpjünçiligini işläp düzmegi kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekýän ýaşlaryň intellektual başarnyklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşik “Innowasion şäher”, “Sanly bilim”, “Söwda we hyzmatlar üçin IT taslamalar”, “Ýörite ugur”, “Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk” atly jemi 6 ugur boýunça geçirilip, oňa Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda ýerleşýän pudaklaýyn edara-kärhanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň we mugallymlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň jemi 150-ä golaýy gatnaşdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan ýaş mugallymlaryň we talyplaryň birnäçesi dürli ugurlar boýunça bu bäsleşige gatnaşyp, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Köprüler we ulag tonelleri” hünäriniň 1-nji ýyl talyby, Ýaş alymlar geňeşiniň agzasy Gurbangylyç Garaýew II orna mynasyp boldy. “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşik örän gyzgalaňly we çekeleşikli üç tapgyrdan:deslapky hasaba alyşdan, saýlamakdan we ara alyp maslahatlaşmakdan, jemleýji saýlap alyşdan we gürrüňdeşlikden ybarat boldy. Emin agzalary tarapyndan taslamanyň derwaýyslygyna, tehnologiki çözgüdine, programmirlemegiň işlenilip düzülen diline, özboluşlylygyna, dizaýn tarapdan owadanlygyna, innowasion täzeçilligine we başga görkezijilere görä bahalandyryldy. Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bolan ýaş programmaçylar alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirip, geljekde mundan-da ýokary sepgitlere ýetmegi özlerine maksat edinýärler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar