Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uçurymlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran Permany bilen Türkmen politehniki instituty ýapylyp, onuň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty döredildi.

Häzirki wagtda institut 9 ugur we 29 hünär boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalary bolan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar we goýberýär.

img

Täze döredilen institut tarapyndan hünärmenleriň ilkinji goýberilişi 2017-nji ýylda amala aşyryldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk Institutynyň uçurymlary Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler, özlerini döredijilikli zehinli şahsyýetler we gowy guramaçylar hökmünde görkezýärler, taslama guramalarynda, dolandyryş edaralarynda (şäherleriň, welaýatlaryň, etraplaryň baş arhitektorlary), ylmy we ylmy-taslama institutlarynda, şeýle hem ýokary okuw we orta hünär mekdeplerinde, mugallymçylyk işlerinde özlerini gowy görkezmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň döwlet kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetlerinde jogapkär wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Institutymyzyň uçurymlarynyň işi senagat we raýat binalaryny we desgalaryny gurmak, binalary we desgalary gurmak üçin innowasion tehnologiýalary işläp düzmek, täze gurluşyk desgalaryny we materiallaryny döretmek, inženerçilik dolandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, gurluşygy meýilleşdirmek we gurnamak, taslama-çenlik resminamalaryny işläp düzmek we kollektiwi dolandyrmaklyga ugrukdyrylandyr.

Habarlaşmak üçin maglumatlar