Taryhy
Türkmen politehniki instituty öz gözbaşyny öňki Türkmen döwlet uniwersitetiniň tehniki fakultetinden alyp gaýdýar. 1955-nji ýylda tehniki fakultetde “Inžener-geologiýa” hünärinden başga-da, “Senagat we raýat jaý gurluşygy” we “Suw üpjünçiligi we hapalanan suwlary akdyrmak” hünärleri boýunça ýokary bilimli inženerler taýýarlanyp başlanýar. 1960-njy ýylda tehniki fakulteti bilen bir hatarda ýene täze 3 sany fakultet, ýagny “Nebitçilik”, “Inžener-gurluşykçy” we “Mehanika-energetiki” fakultetleri döredilýär. Türkmen politehniki instituty Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ministrler Sowetiniň 1963-nji ýylyň 14-nji iýunynda 304 belgili çykaran Kararyna laýyklykda 1963-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredilýär. Institutyň gurluşynda 4 fakultet we 26 kafedra hereket edipdir.
2012-nji ýylda Türkmen politehniki instituty ýapylyp, täze iki sany ýokary okuw mekdepleri, ýagny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmen döwlet nebit we gaz instituty döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutyny döretmek hakynda 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran PP-6080 belgili Permanyna laýyklykda esaslandyrylan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň öňdebaryjy inžener-tehniki ýokary okuw mekdebi bolup durýar. Onuň baş wezipesi dünýäniň ösen ýurtlarynda gurluşyk hem-de binagärlik ulgamyna mahsus bolan iň oňat ýörelgeleri we döwrebap tejribeleri ýurdumyzda giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň binagärlik, gurluşyk we gurluşyk materiallary, himiýa senagaty pudaklary üçin üznüksiz ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 8 sany fakultet, 28 sany kafedra hereket edýär we hünärmen maksatnamasynyň 10 sany ugry boýunça 34 sany hünärinden hünärmenler, bakalawr maksatnamasynyň 7 sany ugry boýunça 13 sany taýýarlygyň ugrundan bakalawrlar taýýarlanýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 4600-den gowrak talyplara döwrebap bilim berilýär.