Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň we el işleriniň muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaranyň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň üsti bilen goýberilişine ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynda hem zenan mugallymlary we talyp gyzlary tarapyndan uly tolgunma bilen diňlenildi. Bu dabaraly wakadan alnyp görkezilen pursatlarda Ogulabat ejäniň biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk häsiýetini we onuň türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeperliginiň aýratynlyklarynyň jemlenendigini baradaky tolgundyryjy gürrüňler beýan edildi.
Ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işlerini muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmegi, halkymyzyň durmuşynyň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, watanymyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemleýändigini subut edýär.
Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik aýratynlyklaryň jemlenendigi barada bu dabara gatnaşan institutyň zenan professor-mugallymlaryna we talyplaryna giňişleýin gürrüň berildi.
1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte “Gyýak”, “Okgöz”, “Içýan agyz”, “Tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşurylypdyr.
Türkmen zenanlarynyň ýerine ýetirýän örän köp görnüşli el işleri taýýarlananda, şol sanda kürte bejerilende, olaryň biri-birinden üýtgeşik nagyşlarynda, göllerinde durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly çuňňur mazmunly düşünjeler beýan edilýär. Däp-dessurlary öwrenmek hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerine eýermek ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak gymmatlylary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalarynyň beden taýdan saglygynyň berkemegine, ruhubelent hem-de ahlak taýdan sagdyn ösmegine uly ähmiýet berip, olarda zähmetsöýerligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdirler. Biziň zenanlarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda özüňi alyp barmagyň ahlak kadalaryny kämilleşdirip, olary nesilden-nesle geçiripdirler. Şeýlelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesi we ören joraby halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryny, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerini, aýratyn-da gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukyp başarnygyny özünde jemläp, geljekki nesillerimize galjak nusgalyk baky mirasa öwrüler.