Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty” atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary guramaçylykly gatnaşdylar. Ýaşlarda ýurdumyzyň baş şäherine buýsanjy kemala getirmek maksady bilen guralan baýramçylyk çäresinde institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň we “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň ýerine ýetirmeklerinde şirin aýdym-sazlar, ajaýyp tans çykyşlary ýerine ýetirildi.
Bize mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna, ak mermerli ak gündiz deý Aşgabadyň 140 ýyllyk ýaş toýuna barylýan şu ajaýyp günlerde merjen şäherimiziň ösüş özgertmeleri barada söhbet etmek, ony döwrebap wasp etmek örän ýakymly. Elbetde, Aşgabadyň gözellikleri, onuň nurana keşbi hakyndaky pikir ýöredilende, diňe bir bina aýratynlyklary bilen çäklenmän, eýsem ekologiýa taýdan hem tämiz şäherleriň biridigi hakyndaky ajaýyp pikirler seriňe dolýar.
Merjen şäherimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän, göni hem owadan şaýollaryň, giň köçeleriň, olaryň iki tarapyna düzülen mermerli belent ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk, ylym-bilim, desgalarynyň, olara bezeg berýän ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň täsinligi, özboluşlylygy kalbyňy heýjana getirýär.
Şeýle hem çäräniň dowamynda teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde ýaşlaryň ýürek buýsançlary beýan edildi. Çykyşlarda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň miwesi, gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip, halkymyza dünýä nusgalyk şäheri, baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.