Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy, mejlisiň dowamynda halkymyza sowgat eden “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitaby, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri we ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda hormatly Prezidentimiziň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy, maslahatyň dowamynda halkymyza peşgeş beren “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitaby we onuň ylmy ähmiýeti, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, şeýle hem watanymyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren edermenlik, mertlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlilik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy, çykyşdan gelip çykýan netijeler, Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler, eziz Diýarymyzy ösdürmek we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etmek, 30 ýylyň içinde hukuk we dünýewi döwletimiziň mizemez binýadynyň döredilmegi barada çykyşlar gurnaldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň halkara abraýyny we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýyşy, ýurdumyzda beýleki ugurlary ösdürmekde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpgöter özgertmekde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda we dünýä ýaýmakda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işleri duşuşygyň dowamynda giňden wagyz edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler we oňa gatnaşyjylar döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.