Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2020/2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli gutardyş uçurymlarynyň “Soňky jaň” dabarasy geçirildi
Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda “Soňky jaň” dabarasyna bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde bolşy ýaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda-da giňden ýaýbaňlandyryldy.
Bu baýramçylyk dabarasyna institutyň professor-mugallymlary, uçurym talyp ýaşlary we olaryň ene-atalary hem-de hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanan dabarada, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek boýunça we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan döwrebap hünärmenler, sagdyn we ruhubelent nesiller bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, sport ýaryşlarynda yzygiderli üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan döwlet derejesinde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders we internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşandygy, netijeli ylmy-barlag we döredijilik işlerini alyp barandygy, okuw dersleri çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenip diňe tapawutly bahalar bilen okandygy üçin, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uçurym talyplary hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjak uçurym talyp ýaşlara hem-de dabaranyň myhmanlary üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň çykyş etmeklerinde şirin aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň “Mähriban ýaşlarymyz täze durmuş ýolunda aýgytly ädimler bilen öňe ynamly gadam urup, döwrebap ylymlary we bilimleri özleşdirip, berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir” diýip belleýşi ýaly, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize wepaly ýaşlar halkara olimpiadalarda we bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, üstünlikli çykyş edýärler. Adamzadyň iň ajaýyp, iň gözel ahlak sypatlaryny özlerinde jemleýän ýiti zehinli, ylymly-bilimli, watansöýüji, ýüzleri nurana, geljegine ynamly gadam urýan ýigitleriň we gyzlaryň, berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleriniň kemala gelmegi ýurdumyzyň bilim kuwwadynyň artmagyna şaýatlyk edýär.
Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlar we olaryň ene-atalary hem-de hormatly myhmanlar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde, watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da ösdürmekde atalyk aladalary edýän, aý ýaly aýdyň, ak daňlar ýaly päkize maksadymyzyň myrat tapýan ýurdumyzda halkymyzyň eşretli zamanda ýaşamagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyşly sözlerini beýan etdiler.