2021/2022-nji okuw ýylynda institutymyza isleg bildirýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň 5-nji we 12-nji maýynda “AÇYK GAPYLAR” güni geçirildi
“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda zehinli talyp ýaşlaryň ylmy taýdan ýerine ýetiren ylmy-barlag we şekil taslama işleri bilen tanyşdylar.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 7 fakultet we 26 sany kafedra hereket edip, 9 ugur we 29 hünär boýunça talyplar bilim alýarlar.
Institutda Sanly bilim ulgamyny, sanly ykdysadyýeti, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýalary, Döwlet we milli Maksatnamalary hem-de beýleki degişli resminamalary okuw prosesine yzygiderli ornaşdyrylýar.
Şeýle hem, institut döwletimiziň we daşary ýurtlaryň ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri we beýleki bilim we ylym merkezleri bilen bilelikde milli tejribämiz esasynda işlemek we tejribe alyşmak boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin bellenilip geçildi.
Hormatly Prezidentimiziň ylym, bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri üçin “Açyk gapylar” gününe gatnaşýan ýaşlar we olaryň ene-atalary tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!