img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi türkmeniň medeni-mirasyny öwrenmegiň ylham çeşmesidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, kitaplary ýaş nesillerimizi watansöýüji, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde görelde we terbiýe mekdebi bolup durýandygyndan ugur alyp, bu şanly sene mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrýet dünýäsi türkmeniň medeni-mirasyny öwrenmeginiň ylham çeşmesidir” ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Geçirilen maslahatyň dowamynda institutyň professor-mugallymlarynyň çykyşlarynda Magtymguly Pyragy halkymyzyň ajaýyp şahyry, milli guwanjy bolup ençeme asyr bäri her bir türkmeniň kalbynda, aňynda ýaşap gelýändigi, beýik nusgawy şahyrymyzyň şygyrlarynda ajaýyp zehin, täsin ýitilik, beýik paýhas we hyjuwly ýürek sazlaşandygy hem-de ynsanperwerlik joşguny onuň filosofiki eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi barada beýan etdiler.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýaşamak, Watany ak ýürekden söýmek baradaky arzuwlary döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýandygy barada ajaýyp sözler aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar