img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talybynyň sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça üstünlikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda döwrebap hünärmenleri taýýarlamak bilen bir hatarda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak we olary mundan beýläk hem goldamak boýunça hem işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde talyplaryň sporta işjeň gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri hem barha artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 1-2-si aralygynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirilen Aşgabat şäheriniň çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Emir Garýagdyýew II orna mynasyp bolup, oňa hormat haty, medal we kubok gowşuryldy.

Mundan başga-da, Emir Garýagdyýewe Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XI Uniwersiada ýaryşynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda toparlaýyn I orny, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 26-29-y aralygynda Aşgabat şäherinde Stol tennisi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda I orny eýeländigi üçin medal we hormat haty gowşuryldy. 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 12-16-y aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň Çempionatynda-da üstünlikli çykyş edip, II oruna 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 19-na Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanyp, sportuň stol tennis (oglanlar) görnüşi boýunça I oruna mynasyp boldy.

Şeýle-de, 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-10-y aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasy bilen bilelikde tassyklanan meýilnamasy esasynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Onda hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Emir Garýagdyýew toparlaýyn III orna we ýekeleýin II orna mynasyp bolup, hormat hatlary, medallar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar