Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde “Türkmen bedewi, Türkmen alabaýy – milli buýsanjymyz” atly geçirilen baýramçylyk dabarasy barada
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany halkymyzyň milli buýsanjymyz bolan Türkmen alabaýyna goýan hormatynyň nyşany boldy.
Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen bilelikde “Türkmen bedewi, Türkmen alabaýy – milli buýsanjymyz” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Guramaçylykly geçirilen baýramçylyk çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyny, Watanymyzy, türkmen bedewini, türkmen alabaýynyň wepalylygy wasp edýän ajaýyp aýdymlar, tanslar, sahna çykyşlary, folklor çykyşlary ýerine ýetirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly eserinde “Halkyň milli gymmatyna, Kemal türkmen alabaýy” diýip belleýşi ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde köp müňýyllyk taryhly milletimiziň durmuşynda alabaýyň ornuny we geçmiş yzlaryny öwrenmek milli itçynaslyk tejribesini giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli alada edýär. Türkmeniň ahal-teke bedewi, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar.
Türkmen halkymyzyň baýramçylyk senenamasyna täze baýramçylygyň goşulmagy watandaşlarymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Türkmen alabaýynyň baýramçylygynyň döredilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ata – babalarymyzyň uly yhlas, höwes, zehin bilen ýetişdirýän Türkmen bedewleri dünýäde meşhurlyk gazanyp, ahalteke bedewiniň adyny, gözelligi, mertebesi äleme ýaýýar.
“Türkmenistanyň – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyz uly toýlara, baýramlara beslenýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, “Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň” güni, şeýle-de gözel Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli uly dabaralar bilen belleniler. Bu bolsa biziň her birimizde uly buýsanç döredýär, kalplarymyzy şatlyk bilen gurşap alýar. Milli mirasymyzy goramaga hem-de ösdürmäge, halkymyzyň medeniýetini dünýä ýaýmakda uly tagalla edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.