img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Äleme ady dolan mirasy- sungatym bar, Arkadagly diýarda gözel medeniýetim bar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, milli ruhy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek we gorap saklamak üçin uly tagallalar edýär. Her ýylyň iýun aýynda medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli dürli mazmunly bayramçylyk dabaralary guralýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Äleme ady dolan mirasy- sungatym bar, Arkadagly diýarda gözel medeniýetim bar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan “Arkadag” seýilgähinde geçirilen bu baýramçylyk dabarasyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary guramaçylykly gatnaşdylar. Türkmen medeniýetini we sungatyny, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini talyp ýaşlara ýetirmek maksady bilen guralan baýramçylyk dabarasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde şirin aýdym-sazlar, ajaýyp tans çykyşlary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda “Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr” diýip belleýşi ýaly milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, onuň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, sungat derejesine ýeten senetçiligimizi, amaly-haşam, şekillendiriş sungatymyzy, milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Türkmen halkynyň ruhy medeniýetini, saz sungatyny ösdürmekde türkmeniň beyik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýetiren täsiri uludyr. Milli şahyrymyzyň goşgulary dillerimizde dessan bolup, aýdymlara öwrüldi. Magtymguly Pyragy diňe öz döwrüniň däl, eýsem ähli döwürleriň, nesilleriň şahyrydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde, şöhraty dünýä dolan beyik şahyra goýulýan sarpa uludyr.

img

Şeýle hem dabaranyň dowamynda teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew, edep-tertip barada hem-de gelin-gyzlarymyzyň gözelligini wasp edýän goşgudyr şygyrlary beýan edildi. Çykyşlarda eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hühär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň abraýyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar