Institutyň talyby Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde üstünlikli çykyş eden Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Begler Kakamyradowiç Nurberdiýew aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.