Halkara hyzmatdaşlyklar
Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň, jemgyýetiň sütüni ylymdan, bilimden bina edilende, döwletiň esasynyň berkden gurlup, hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösüşe, ýokary derejä eýe bolýandygy döwletimiziň ýeten belent sepgitleri aýdyň görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň häzirki ösüş tapgyrynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň onuň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden, ösüşi dowam etdirmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary derejelere ýetmek mümkin däl.
Bu maksat bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulmak, dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda ýewropa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen baglaşylan şu aşakdaky Ylalaşyklar we Ähtnamalar hereket edýär:
- - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Aşgabatdaky Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezini döretmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Belarus milli tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
- - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
- - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň Raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- - Özara düşünişmek hakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyk;
- - Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň 598218-EPP-1-2018-1-PL-EPPKA2-CBHE-JP belgili “Ulag hyzmatlarynda garaşylmadyk ýagdaýlary we töwekgelçilikleri dolandyrmagyň tehniki taslanmagy” (CRENG) atly taslama;
- - Ýewropa bileleşiginiň ERASMUS+ maksatnamasynyň 597985-EPP-1-2018-1-KZ-EPPKAZ-CBHE-JP belgili “Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar” (NIKOPA) atly taslama.
- - Ýewropa bileleşiginiň ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hereket edýän serwis ofisleri.