img

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze XIII-nji tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy guramaçylykly geçirildi

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze XIII-nji tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşdyrylyş dabarasy guramaçylykly geçirildi.

Ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan, çuňňur mana ýugrulan, baý many-mazmuna eýe bolan ajaýyp atalyk kitaplary diýarymyzyň ähli raýatlaryna, giň okyjylar jemgyýetçiligine bahasyna ýetip bolmajak uly sowgat bolup hyzmat edýär. Täze neşiriň baplarynda ylmy sungat derejesine ýetirilen, gelip çykyşy ösümlikden bolan gymmatly şypaly hazyna hasaplanylýan 120 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Milli Liderimiz bu ajaýyp täze eserinde şeýle belleýär: “Türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikler türkmen halk lukmançylygynda ulanylýar, olaryň 500-den köpräk görnüşi Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýar. Şonuň üçin, Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleri göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä milli mirasynyň Sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasap edýärin” diýip Hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Elbetde, hormatly Prezidenimiziň täze eseriniň çapdan çykmagy biziň her birimize uly gollanma bolup, gündelik durmuşymyzda ýan kitabymyza öwrüler. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynyň täze XIII-nji tomuny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sowgat beren Hormatly Prezidentimiziň galamynyň ujynyň ýiti, atalyk kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, halkymyzyň saglygyny goramaga, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine yzygiderli üns berýänligi üçin buýsançly sözler beýan edilip tükeniksiz alkyşlar aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar