img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda iýun aýynyň 3-ne Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Sport - sagdyn durmuş ýörelgesi” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi. Mähriban Prezidentimiziň “Biziň baş maksadymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdyr” diýen sözlerinden ugur alyp bu şanly sene mynasybetli “Sport- sagdyn durmuş ýörelgesi” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyna institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Ýaşlarda sporta bolan höwesi artdyrmak, beden taýdan berk, ruhy taýdan gujur-gaýratly we watana wepaly ýaşlary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen guralan baýramçylyk dabarasynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde şirin aýdym-sazlar, “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň ajaýyp tans çykyşlary ýerine ýetirildi.

Ýylyň-ýylynda diňe bir 3-nji iýunda däl eýsem birnäçe gezek ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörüşler geçirilýär. Olaryň aglabasyna hormatly Prezidentimiziň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Indi dördünji gezek halkara derejede bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär. Welosipediň ajaýyplylygyny, çuňňur taryhyny we köpugurlylygyny tassyklap, ösüşiň möhüm guraly bolup hyzmat edýändigini, onuň diňe bir hereket üçin däl-de, eýsem, paýhasa, saglygy goraýşa we sporta bolan elýeterliligi üpjün edýändigi ykrar edilendir. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen paýtagtynyň günortasynda Köpetdagyň eteginde Welosiped binasynyň ornaşdyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dabaranyň dowamynda eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyş sözleri aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar