img

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli seslenme guramaçylykly geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda 2021-nji ýylyň 15-nji maýynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň paýtagty bolan Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp Hormatly Prezidentimiziň giň dünýägaraýyşly paýhasyndan dörän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary guramaçylykly gatnaşdylar. Ýaşlarda Hormatly Prezidentimiziň giň dünýägaraýyşly paýhasyndan dörän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabyna bolan buýsanjy kemala getirmek maksady bilen guralan tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna, ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp eseriniň biziň elimize gelip gowuşmagy çuňňur mana eýedir. Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir!” diýip belläp geçýär.

Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynda hem ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär.

img

Okyja özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary synlamaga mümkinçilik berilýär. “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby alty bölümden ybarat bolup, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, Gahryman Arkadagymyzyň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle hem kitaby okap häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler bilen tanyş bolýarsyň.

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň öňüsyrasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby bilen halkymyza toý sowgadyny beren Hormatly Prezidentimize paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň mukaddes baýramçylygy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip tükeniksiz alkyşlar aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar