Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk” ady bilen institutymyzda zähmet çekýän ýaşuly mugallymlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz” diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşululara uly hormat-sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, nesilleriň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde durmuşda mynasyp orny eýeleýär. Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyzyň, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlilik, arassa ahlaklylyk baradaky nesihatlary Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň beýik mekdebidir.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda institutymyzyň ýolbaşçylary tarapyndan institutymyzda zähmet çekýän ýaşuly mugallymlaryny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlap, baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalyna mynasyp bolan ýaşuly mugallymlar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz topary ýaşuly enelerimizi we atalarymyzy wasp edýän şirin aýdym-sazlary bilen ruhy lezzet paýladylar.