Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň ylym taglymatlary-jemgyýetimizi hereketlendiriji güýçdür” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň “Biziň ýaşaýan ýokary tizlikli ylmy-tehniki ösüşler zamanamyzda halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilen taslamalarymyz, maksatnamalarymyz, ähli özgertmelerimiz ylma esaslanýar” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, bu şanly sene mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň ylym taglymatlary-jemgyýetimizi hereketlendiriji güýçdür” ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Geçirilen maslahatyň dowamynda institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň çykyşlarynda ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ezber hünärmenleri taýýarlamak, talyp ýaşlary ylmy işleri alyp barmaklyga höweslendirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we mundan hem beýläk ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyş sözleri aýdyldy.