Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýaş alymlary “Ylymlar güni” mynasybetli geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldular
Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň 12-nji iýunynda diýarymyzda Ylymlar güni giňden bellenilip geçildi. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym-bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Uzak möhletli ylalaşyklaryň çäklerinde ylmy-tehniki ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ylmy barlaglary alyp barýan alymlaryň işlemegi üçin ykdysady-durmuş höweslendirmelerini hem-de ýaşlary ylma çekmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň we ähli ylym-bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň Geňeşleriniň, ylmy gurnaklaryň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň we onuň internetde elektron sahypasynyň döredilmegi, ylmy-halypaçylyk işleriniň amala aşyrylmagy ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň giň toplumydyr. Bu bolsa ýaş alymlara berilýän goldawyň we bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär.
Şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde her ýylda geçirýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan şahadatnama we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu bäsleşige institutdan birnäçe talyplar gatnaşyp Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy Ballyýew Gaýypnazar Begenjewiç III orna, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň we uçuş-gonuş meýdançalarynyň gurluşygy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ahmedow Söýenç Aýnazarowiç II orna mynasyp boldy.
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýaş alymlary işjeň gatnaşdylar.
Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ylymda, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmekden, geljekde önümçilige ornaşdyrmak ukyby ýokary ylmy taslamalary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 10-yna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt - IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň jemi 150-den gowrak ylmy-taslama işleri gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, ylmy-barlag edaralarynyň ýaş hünärmenleri, mekdep okuwçylary hem bar. Bäsleşikde ylmy taslamalaryň tehniki we tehnologiki çözgütleriniň täzeçilligine, häzirki döwür üçin zerurlygyna, amaly häsiýetine garaldy. Bäsleşigiň jemleri jemlenip, netijede Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ýazyýew Arçmanberdi Penjimyradowiç III orna, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şyhyýew Şyhy Batyrowiç III orna mynasyp boldy.