Dalaşgär 2023

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY
2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy).;

2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny).

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tunnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa).

3. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy).

4. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji gurluşyk ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary).

5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy).

6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartografiýa we geoinformatika (senagat pudagynda).

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy (senagat pudagynda).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (senagat pudagynda); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (senagat pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyh ugry: maglumat howpsuzlygy).

5. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar; senagat elektronikasy).

6. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (senagat pudagynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (senagat pudagynda); logistika (senagat pudagynda).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy hem-de himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýallary, şeýle hem borçnama boýunça harby gulugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy hem-de himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine okuwa kabul etmekligiň şertleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetine okuwa kabul etmegiň Tertibine* laýyklykda amala aşyrylýar. Bu Tertip bilen tanyşmak üçin dalaşgärler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kabul ediş toparyna ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça har-by wekilliklerine ýüzlenip bilerler.

Resmi iş kagyzlary (tölegli esasda okadyljak hünärlere we taýýarlygyň ugurlaryna resminamalary tabşyrýanlar üçin) welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

    • Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
    • - bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
    • - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
    • - bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
    • - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
    • - soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
    • - 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany foto surat;
    • - işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
    • - okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar.

    • - pasportyny;
    • - harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.
    Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär.

    • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;
    • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-i. 6-sy we 8-i günleri;
    • Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri;
    • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-y. 12-si we 14-i günleri;
    • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 15-i. 17-si we 18-i günleri;
    • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy. 17-si we 18-i günleri.
    • Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
      • binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
      • gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektrik we ýylylyk energetikasy; maşyngurluşyk; materiallaryň tehnologiýalary ugurlaryna degişli hünärler; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat howpsuzlygy, ýeri öwreniş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
      • himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglary tabşyryp bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

    • Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Berkararlyk etr., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

Habarlaşmak üçin maglumatlar