Institutyň binagärlik-dizaýn taslama işleri

Institut binagärlik-dizaýn taslama işleriniň giň toplumyny ýerine ýetirýär: binalaryň binagärlik-gurluşyk ölçegleri geçirmegi, gurluşyk konstruksiýalaryny barlamagy, ýaşaýyş, senagat, jemgyýetçilik binalarynyň binagärlik-dizaýn taslamalaryny düzmek. Binagärlik-dizaýn taslama işleri institutyň innowasiýa işleriniň bir bölegidir.

2012-nji ýyldan başlap, institutda Binagärlik ussahanasy hereket edýär, onda ähli binagärlik-dizaýn taslama we maket işleri Binagärlik kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Binagärlik-dizaýn taslama işlerini ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" kanunyna laýyklykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan degişli ygtyýarnama alyndy (02.27.2020 ý. № 1-22-25-7281).

Işiň esasy ugurlary:

  • - Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk Maksatnamasynyň binagärlik-dizaýn taslama işlerini ýerine ýetirmäge gatnaşmak;
  • - Türkmenistanda binagärlik we şähergurluşygy pudagynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
  • - bellenilen tertipde sargytçylaryň tehniki ýumuşy bilen ylalaşmak;
  • - ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, şeýle hem Türkmenistanyň hususy telekeçileriniň tehniki ýumuşlaryna laýyklykda ýaşaýyş, senagat, jemgyýetçilik binalarynyň hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça binagärlik-dizaýn taslama işleriniň ýerine ýetirmek;
  • - ýerine ýetirilen işleri sargytça öz wagtynda tabşyrmak.

Institutyň binagärlik-dizaýn taslama işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak

img1
Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygynda gurlan, umumy beýikligi 47 metr bolan“Abadançlyk” binasy;
img1
Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesi bilen Görogly şaýolynyň aralygynda gurlan, umumy beýikligi 15 metr bolan“Alaw” binasy;
img1
Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesi bilen Oguzhan şaýolynyň aralygynda gurlan, umumy beýikligi 21 metr bolan “Dowamat” binasy;
img1
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan we institut tarapyndan işlenip düzülen umumy beýikligi 40 metr we ini 60 metre deň bolan "Ahal" monumenti;
img1
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan we institut tarapyndan işlenip düzülen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk akademiýasynyň binalar toplumynyň şekil taslamasy.

Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň tehniki ýumuşlary boýunça ýokardakylara kybapdaş binagärlik-dizaýn we eskiz işlerini ýerine ýetirmeklik dowam etdirilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744025, Aşgabat, Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy, “G” bina, 1-nji gat, Binagärlik ussahanasy.
    Tel: (+99312) 28-15-52
    Faks: (+99312) 28-18-01

Habarlaşmak üçin maglumatlar