Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäher Berkararlyk etrap häkimliginiň, Aşgabat şäher Berkararlyk etrap prokuraturasynyň, Aşgabat şäher Berkararlyk etrap kazyýetiniň, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda hemmetaraplaýyn ösen, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, milli ynsanperwerlilik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmek, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Biziň baş maksadymyz – asylly, arassa, edepli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek” atly terbiýeçilik häsiýetli wagyz-nesihat duşuşygy guramaçylykly geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz şeýle ajaýyp ösüşlere beslenen, şöhraty dünýä ýaň salýan gözel ýurdumyzyň, kämillige barýan jemgyýetimiziň synasyna wehim salýan käbir ýowuz dertler barada gürrüň etdi. Hormatly Prezidentimiziň eden çykyşynda dürli jenaýatlara şert döredýän ýagdaýlaryň öwrenilmegini, işlenilmegini we aradan aýrylmagyny jenaýatlaryň öňüni almak wezipesini üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde belledi. Çykyş edenler, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň hem-de bilim işgärleriniň öňünde duran örän möhüm wezipe bolup durýar diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna üns çekildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Biziň baş maksadymyz – asylly, arassa, edepli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda talyp ýaşlara watansöýüjiligi, ruhubelentligi, päkýürekliligi, arassa ahlaklylygy, zähmetsöýerligi ündemek hem-de ýaramaz endiklerden we bidüzgünçiliklerden daşda durmaklaryny, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Talyp ýaşlar hem wagyz-nesihat duşuşygyny gurnaýjylara öz minnetdarlyklaryny bildirdiler we hormatly Prezidentimiziň bu asylly ýörelgelerinden ugur alyp, döwrümiziň belent ruhly ýokary bilimli hünärmenleri bolup ýetişjekdiklerine, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy gülledip ösdürmekde jan aýaman okajakdyklaryna, ýurdumyza gerekli ýaşlar bolup ýetişjekdiklerini buýsanç bilen beýan etdiler.