Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Elimden çykan egnime ýarar” ady bilen dabara geçirildi
2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda maşgala mukaddesligini, edep-terbiýäni, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Elimden çykan egnime ýarar” ady bilen dabara geçirildi.
Türkmen halk döredijiliginiň birnäçe eserlerinden belli bolşy ýaly gyz-gelinleriň üme üýşmeleňlerinde kä halatlarda obanyň hormatlanýan ýaşuly zenanlary hem gatnaşypdyrlar.Olar ýaş gyzlara maşgala keşiginiň birnäçe inçe syrlary barada dürli maslahatlary beripdirler. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarynda ümä gelen gyz-gelinler gyzyň bukjasyny taýynlaýarkalar öz aralarynda dürli degişmedir, ýomak atyşmaklyga başlaýarlar.Bu ýagdaýlar has hem gelinlerden başlanýar. Olar durmuşa çykjak gyzyň barjak ýigidi barada dürli mysallaryň üsti bilen degişip, ýomak atyşýarlar.
Gadymy taryhymyzdan belli bolşy ýaly üme üýşmeleňi şatlyk-şagalaňly geçýär. Ümä gatnaşýan gyz-gelinler özleriniň ýürek buýsançlaryny dürli goşgy setirleriniň üsti bilen aýdym görnüşinde ýerine ýetiripdirler. Üme üýşmeleňlerinde esasanam läleler, öleňler, monjugatdylar hem-de ýar-ýar aýdylypdyr.Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpa, maşgala mukaddesligi, edep-terbiýe, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň etdiler hem-de institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, öýlerimiziň bezegi bolan zenanlarymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, bu aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.