Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günine bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi
2021-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň bellenilýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň we “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirmeklerinde baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Ýaşlarda ýurdumyzyň ýaşyl Tuguna we mizemez kanunçylygyna buýsanjy kemala getirmek maksady bilen guralan baýramçylyk dabarasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz, “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň mahmal owazly aýdym-sazlary, milli äheňindäki tans çykyşlary ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna, ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesine barylýan şu günlerde halkymyzyň milli buýsanjynyň nyşany bolan baýdagyny döwrebap wasp etmek örän ýakymly. Elbetde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň kalbyna ganat bekleýän seneleriň biridigi hakyndaky ajaýyp pikirler seriňe dolýar.
Elbetde, baýdak hemme döwürlerde, ähli halklarda belent ruhuň nyşany hasaplanypdyr, milletiň umyt-arzuwlarynyň beýany bolupdyr. Baýdak bilen baglanyşykly maglumatlara edebi çeşmlerde-de duş gelmek bolýar. Tug milletiň synmaz ruhuny aňladýan nyşan hasaplanypdyr. Agzybir halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabara bilen toýlaýar. Baş kanunyň esasynda pederlerimiziň biziň şu günümize çenli gazananlaryny, ynsan hukuklaryny goramak, Watan parahatçylygyny, il agzybirligini saklamak ýaly milli aýratynlyklaryň bolmagy döwletimiziň ösüşleriniň kepili bolup durýar. Arkadag Prezidentimiz şeýle beýan edýär: “Jemgyýetimiziň we döwletimiziň düýpli esaslaryna hem-de kuwwatly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, biz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda öňde goýlan maksatlara ýetmegi başardyk”.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzy wasp edýän goşgudyr şygyrlary beýan edildi. Çykyşlarda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň Döwlet baýdagy halkymyzyň göterilen ykbalynyň Tugy hökmünde dünýä ýüzünde sarpalanýandygy, bu günki gün Arkadag Prezidentimiziň saýlap alan ýoly bilen beýik ýeňişlere barýandygy barada, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip, halkymyza eşretli ertiri, röwşen gelejegi peşgeş beren milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdyldy.