Kitaphana
1963-nji ýylda Türkmen politehniki instituty döredilýär we onuň düzüminde kitaphana işe girizilýär.
2012-nji ýylda Türkmen politehniki instituty ýapylyp, onuň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) döredilýär we düzüminde ylmy-tehniki kitaphana (YTK) açylýar.
YTK okyjylaryň ylmy-maglumat we medeni-aň-bilim zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Kitaphana her ýyl takmynan 4 müň okyja hyzmat edýär, okyjylar tarapyndan isleg bildirilýän kitaplaryň sargyt edilýän sany ýylda 250 müň töweregidir. Kitaphana gaznasynyň umumy sany türkmen, iňlis we rus dillerindedir we takmynan 400 müňe golaýdyr.
Institutda taýýarlygyň ugurlary boýunça täze neşir edilýän kitaplar, gollanmalar we döwürleýin neşirler bilen kitaphananyň gaznasynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar.
Institutyň bilim portalynyň esasynda okyjylar üçin elýeterli bolan elektron kitaphanasy döredilendir.
Hormatly Prezidentimiziň kitaplary we eserleri kitaphananyň görnükli ýerinde ýerleşdirilendir we olaryň elektron göterijilerindäki nusgalary hem elektron kitaphanasynda ýerleşdirilendir we olardan okyjylar elýeterli peýdalanyp bilýärler.Institut Türkmenistanyň döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen Institutyň mugallymlary tarapyndan neşir edilen kitaplar we okuw gollanmalar sanly formatda elektron kitaphanasynda ýerleşdirilendir.
Şeýle-de, talyplarymyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen institutda döredilen döwrebap enjamlaşdyrylan elektron kitaphanadan elýeterli peýdalanýarlar. Kitaplaryň elektron nusgalaryny taýýarlamak maksady bilen institutda awtomatik robot skaneri ornaşdyrylandyr.
Şeýle hem, YTK-da okyjylar ylym-bilim ulgamyna degişli neşirler hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň neşirleri, çeper edebiýatlary, döwürleýin neşirleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilendir.
YTK-da kartoçkalaryň kataloglary we gaznalarynyň mazmunyny giňişleýin açyp görkezýän faýl şkaflary bar. Gurluşyk, binagärlik we beýleki ugurlar boýunça kitaplaryň we makalalaryň elektron katalogy ýöredilýär.
YTK 2 esasy ugurda ösýär:
- - kitaphana tehnologiýalaryny kompýuterleşdirmek;
- - öz we daşarky maglumat bazalaryny ulanyp kitaphana we maglumat
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alyp, TDBGI-de elektron resminama dolanyşygy okuw prosesine ornaşdyryldy.
Kitaphana internet ulgamy bilen üpjün edilendir. Bu bolsa professor-mugallymlara hem-de talyplara dünýä ylmynyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.