Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Garaşsyz hem baky Bitarap diýar - bu gün Bitaraplyk toýun toýlaýar” ady bilen aýdym - sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Garaşsyz hem baky Bitarap diýar – bu gün Bitaraplyk toýun toýlaýar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň başynda institutymyzyň talyplaryndan düzülen topar Hormatly Prezidentimiziň kämil paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan “Baýlyk” atly rowaýaty sahnalaşdyryp ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda açylyp ulanylmaga berlen binalary, şanly Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgy setirleri belentden ýaňlandy. Soňra institutymyzyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatyny, her bir gününi ösüşlere besleýän Watanymyzy wasp edýän hem-de dürli halklaryň dillerinde ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy, “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly "Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir ynsanperwerlik, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat mertebesini belende göterýän gymmatlykdyr”. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňden görüjilikli syýasaty bilen döwletimiz, Bitarap, ylalaşdyryjylyk başlangyçlaryny öňe sürýän ýurt hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar.
Çykyşlarda eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde, Garaşsyz, baky bitarap ýurdumyzyň abraý mertebesini ösdürmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyşly sözlerini beýan etdiler.