Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi
Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary guramaçylykly gatnaşdylar. Ýaşlarda ýurdumyzyň baş şäherine buýsanjy kemala getirmek maksady bilen guralan baýramçylyk dabarasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň, “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Gara altyn” çeper höwesjeň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde şirin aýdym-sazlar, ajaýyp tans çykyşlary ýerine ýetirildi.
Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna, ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barylýan şu ajaýyp günlerde merjen şäherimiziň ösüş özgertmelerini döwrebap wasp etmek örän ýakymly. Elbetde, Aşgabadyň gözellikleri, onuň nurana keşbi hakyndaky pikir ýöredilende, diňe bir bina aýratynlyklary bilen çäklenmän, eýsem ekologiýa taýdan hem tämiz şäherleriň biridigi hakyndaky ajaýyp pikirler seriňe dolýar.
Paýtagtymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, göni hem owadan şaýollaryň, giň köçeleriň, olaryň iki tarapyna düzülen mermerli belent ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk, ylym-bilim, desgalarynyň, olara bezeg berýän ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň täsinligi, ynsana gözellik bagyş edýän suw çüwdürimleriň özboluşlylygy kalbyňy heýjana getirýär.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary, paýtagtymyz Aşgabady wasp edýän goşgudyr şygyrlary beýan edildi. Çykyşlarda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň miwesi, gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň naýbaşy baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip, halkymyza sowulmaz ýazy, baky bahary peşgeş beren Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.