
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mukaddes şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk buýsanjydyr kalbymyň” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk buýsanjydyr kalbymyň” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutymyzyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatyny, her bir gününi ösüşlere besleýän Watanymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Şeýle hem dabaranyň geçirilýän meýdanynda institutyň zehinli talyp ýaşlarynyň taýýarlan taslama işleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän suratlaryň ýerleşdirilmegi dabaranyň many-mazmunyny artdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdylar we ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.