Sanly bilim portaly
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek we elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Elektron okuw talyp ýaşlaryň özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr we sanly maglumatlary ulanmak, öwrenmek, saklamak endiklerini özleşdirmek üçin mümkinçilikleri açmaga kömek edýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan içki lokal tory döredildi, sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we onuň binýadynda bolsa sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy.
Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, olimpiadalar, sport, uzak aralykdan bilim almak, elektron kitaphana, bildirişler, täzelikler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary sanly bilim portalyndan elýeterli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilen.
“Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen, institutda elektron resminamalar dolanyşygy ýola goýuldy, şeýle hem institutyň internet web-saýty döredilip işe girizildi.