Talyp durmuşy
Institutda talyplar bilen işjeň terbiýeçilik işi alnyp barylýar, onuň maksady häzirki zaman maglumat giňişligine uýgunlaşan, öz ýurdunyň raýaty, ösen, bitewi şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Talyplaryň ylmy, döredijilik ukyplaryny we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek üçin işler hem alnyp barylýar.
Institutda Talyplaryň ylmy jemgyýeti işjeň hereket edýär. Talyplaryň ylmy konferensiýalary her ýyl, şol sanda daşary ýurt dilinde geçirilýär. Talyplarymyz dürli derejedäki degişli hünärler boýunça ylmy we amaly konferensiýalara, olimpiadalara gatnaşýarlar. Ylmy maslahatyň netijelerine esaslanyp, institut talyplaryň ylmy işleriniň ýygyndylaryny neşir edýär. Ýokary kursyň talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ylmy we amaly konferensiýalara işjeň gatnaşýarlar, dokladlar we ylmy habarlar bilen çykyş edýärler.
Institutda talyplaryň döwrebap okuwlaryny we sapakdan daşary işlerini, durmuşyny we dynç alşyny guramak üçin zerur şertleriň ählisi döredilendir.
Talyplar okuwdan boş wagtlary edebi-çeper, ylmy döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar hem-de olar üçin belli medeniýet we sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary gurnalýar. Institutda “Bagtyýarlyk Binasy” tans topary işleýär.
Talyplar kluby "Bilimler we talyp ýaşlar güni", Täze ýyl gijesi, 8-nji mart we şuňa meňzeşlere bagyşlanan institut derejesinde baýramçylyklary gurnaýar. Institutda Medeniýet merkezi hereket edýär. Zehinli talyplarymyz dürli derejedäki döredijilik ýaşlar festiwallaryna we ýaryşlaryna uly isleg bilen gatnaşýarlar.
Bu topar dürli çärelerde köpçüligiň öňünde çykyş edýär. “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz topary häzirki zaman we halk aýdymlary bilen öz muşdaklarynyň göwnüni awlamagy başarýar. Bu toparlar ýurdumyz boýunça geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna hem işjeň gatnaşýarlar. Institutyň talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän “Talyp joşguny” we “Talyp gözeli” bäsleşiklerinde işjeň çykyş edýärler.
Talyplary sport bilen meşgullanmaklyga çekmeklik terbiýeçilik işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Institutda talyp oglanlardan we gyzlardan düzülen güýçli “Binagär” woleýbol ýygyndy topary bar.
Talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen talyp ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň okamaklary we okuwdan boş wagtlary medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmek üçin institutyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ähli zerur durmuş şertleri döredilendir. Häzirki wagtda institutda umumy ýaşaýyş jaýlaryň 3-si bolup, olarda ýörite enjamlaşdyrylan howany ýyladyş we sowadyş ulgamy, aşhana, kir ýuwulýan, tikin, okuw we “Bagtyýarlyk” otaglary bilen üpjün edilendir. “Bagtyýarlyk” otagynda talyplara hormatly Prezidentimiziň kitaplary, döwürleýin neşirler, dünýäde bolup geçýän halkara wakalar bilen içgin tanyşmaga zerur şertler döredilendir.
Her ýyl "Iň oňat talyp otagy" we "Fakultetiň iň gowy umumy ýaşaýyş jaýy" ýaryşlary geçirilýär. Ýeňijiler diplomlar we gymmatly sowgatlar bilen sylaglanylýar. Ýeňijiler barada maglumat we olaryň suratlary institutyň Bilim portalynda we web sahypasynda ýerleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimizň bilim prosesine sanly bilimi ornaşdyrmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, institutda ähli talyplar we tutuş professor-mugallymlar tarapyndan üstünlikli ulanylýan bilim portaly döredildi. Institutyň bilim portalynyň häzirki zamanyň wajyp sanly bilim bermek serişdesi bolmagy bilen baglylykda, onuň umumy ýaşaýyş jaýlarynda-da hem elýeterliligi gazanyldy.