“Ahal-siti”: Türkmenistanda gurulýan akylly şäher nähili bolar

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. 1,5 milliard dollarlyk bahasy bolan bu uly göwrümli taslama ýurduň merkezinde gurulýar. “MIR 24” habarçysy Igor Mosunow "Ahal-siti" akylly şäheriň nähili boljakdygy barada habar berdi.

Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gerimine ýokardan seredeniňde gowy baha berip bolar. Taslamanyň tutýan meýdany Ahal welaýatynda müň gektara golaýdyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Nowçagül Annadowa: “Bu dolandyryş merkeziň taslamasy seýsmologiki, ekologiki we howa şertleri göz öňünde tutulyp, Köpetdagyň eteginde ajaýyp ýerde gurulýar” diýip belläp geçdi.

Gurluşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik ähmiýetli binalara şeýle-de çagalaryň saglyk we reabilitasiýa merkezlerine aýratyn üns berýär.

“Çagalar merkezi iki binany öz içine alyp, biri 100 orunlyk, beýlekisi bolsa 150 orunlyga niýetlenen. Şeýle hem dizaýn işleri bilen bezelen lukmançylyk binasy çagalary bejermek we olaryň saglygyny dikeltmek üçin gurulýandygyny” aýtdy.

“Ahal-siti” döwrebap infrastruktura desgalary we ýeke-täk maglumat bazasy bolan akylly şäher. Onda takmynan 70 müň adam ýaşar. Bu taslamanyň we başga-da birnäçe gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň köp sanly dizaýn çözgütlerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar.

“Merkeziň esasy girelgesinde, talyplarymyz tarapyndan döredilen, türkmen etnosynyň we häzirki zaman binagärliginiň elementleri öz içine alýandygyny” Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Şirmuhammet Jepbarow belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz iş sapary wagtynda Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tamamlanmalydygyny aýtdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar