Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ählihalk ýowary guramaçylykly geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigatymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen geçirilýän ählihalk ýowary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde 2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde, şenbe güni ýokary derejede geçirildi. Bu ählihalk ýowaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary, işgärleri we talyp ýaşlary guramaçylykly, ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, täze bag nahallaryny ekmek we bar bolan bag nahallarynyň düýbüni agartmak, ýumşatmak we olara ideg etmek, institutyň binalarynyň, daş-töweregiň arassaçylygyny, abadançylygyny gazanmak işleri giň gerime eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli meseleler bilen bir hatarda ýurdumyzda ekologiýa hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan mundan beýläk hem gül-gülüstanlyga, bagy-bossanlyga, bedew batly ösüşlere beslensin!