Institutyň sportda gazanan üstünlikleri
Türkmenistanda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde saklanýar.
Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä arenasyndaky abraýy barha artýar. Döwlet edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we mekdepleriň bazasynda dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Milli sportuň çalt ösmeginde, döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan sport toplumlarynyň bolmagy we ýokary tälimçilik potensialy ýaly faktorlar aýgytly rol oýnaýar.
Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen Türkmenistan uly göwrümli halkara sport çärelerini geçirmäge ukyply ýurtlaryň birine öwrüldi we halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne has güýçli çekdi. Şuny göz öňünde tutup, ýakyn wagtda Türkmenistanda halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we geçirmek üçin giňişleýin meýilnama taýýarlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan talyplar sport kluby hereket edýär we onuň wezipesi talyplaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplar sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir. Talyplar sport klubynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar. Institutda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
Institutyň talyp türgenleri ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlikleri gazanýarlar.
Institutda Türkmenistanyň şanly baýramçylyk senelerine bagyşlanan sport çäreleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem talyplar “Saglyk ýolunda” gezelenç, ýöriş edýärler hem-de welosiped marafonlaryna gatnaşýarlar.