Polşa döwletiniň Silesiýa Uniwersitetiniň we Polşanyň matematika jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Halkara matematika olimpiýadasy onlaýn usulynda geçirildi
2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 12-14 aralygynda Polşa döwletiniň Silesiýa Uniwersitetiniň we Polşanyň matematika jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Halkara matematika olimpiýadasy onlaýn usulynda geçirildi. Halkara matematika olimpiýadasyna daşary ýurtlardan jemi 200-den gowrak talyp gatnaşdy.
Halkara matematika olimpiýadasyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Sähetgylyç Gylyjowyň ýolbaşçylygynda alty talyp gatnaşdy. Ýaryşyň şahsy tapgyrynda institutyň Ykdysadýet we dolandyryş fakultetiniň “Ykdysadyýet we dolandyryş” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Jepbar Asgarow altyn medala, Ykdysadýet we dolandyryş fakultetiniň “Ykdysadyýet we dolandyryş” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kadyrberdi Annabaýew altyn medala, Ykdysadýet we dolandyryş fakultetiniň “Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Goçmyradow altyn medala, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nagym Taňrygulyýew kümüş medala şeýle hem Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Himi¬ýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nurmamet Rejepow we Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Işanow bürünç medallara mynasyp boldylar.