img

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýöriş guramaçylykly geçirildi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ruhubelent talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-na Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň paýtagty bolan Aşgabat şäheriniň Köpetdagyny etekläp oturan Giňdiwar Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guraldy. Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde, ýagny köpçülikleýin ýörişe badalga berilen ýerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary hem gurnalypdyr.

Bu ýerden her ýokary okuw mekdebinden 1 (bir) talybyň (jemi 21 sany talyp) gatnaşmagynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ylgaw ýaryşyna badalga berildi. Onuň yzy-süre Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylara badalga berildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklary bilen birlikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Saglyk ýoluny uly ruhubelentlik bilen geçip, onuň düşülýän ýerine geldiler. Saglyk ýolunyň düşülýän ýerinde sportuň futbol, woleýbol, tennis, stol tennisi, gylyçlaşmak, küşt, şaşka, ýaglyga towusmak, agyr atletika, agyrlyk daşy götermek, gimnastika görnüşleri boýunça bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şeýle hem saglyk ýolunyň düşülýän ýerinde gysga aralyga welosipedli ýöriş hem gurnaldy.

Elbetde, saglyk ýolunyň islendik künjegindäki gözel tokaý zolagy bagy bossanlyga bürenip, her bir adamyň saglygyna oňaýly täsir edýän jana şypaly howasy bilen aýratyn tapawutlanýar. Saglyk ýolunyň düşülýän ýerinde hem aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem, her ýokary okuw mekdebinden 1 (bir) talybyň (jemi 21 sany talyp) gatnaşmagynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ylgaw ýaryşynyň jemleri jemlendi. Bu ylgaw ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň ˝Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy˝ hünäriniň 5-nji ýyl talyby Maksat Öwliýagulyýew baýrakly II orna mynasyp boldy, şeýle hem hormat haty we gymmat bahaly sowgat bilen sylaglanyldy.

Talyp ýaşlaryň diýarymyzyň gözel tebigatynyň ajaýyp künjegine seýil etmekleri, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary, Saglyk ýoluny geçmekleri, olaryň ruhubelent, watansöýüji, berk bedenli sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredilip berilýän giň şertlerdir. Bular dogrusynda talyp ýaşlar Hormatly Prezidentimize buýsançly sözleri beýan edip, tükeniksiz alkyşlary aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar