Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda türkmen halysynyň baýramy dabaraly bellenildi
Iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy sanardan köp, olaryň hatarynda sünnälenip ýasalan şaý-seplerimizi, behişdi bedewlerimizi, edebi mirasymyzyň gaýtalanmajak nusgalaryny, milli lybaslarymyzy görkezmek bolar. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri-de türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden, mähir-yhlasyndan kemala gelen türkmen halysydyr. Ýakymy gyzyl gülälekli sährasyny ýada salýan halylarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gadyr-gymmatynyň artmagy onuň dünýä derejesindäki at-abraýynyň ýokarlanmagy kalbymyza egsilmez şatlyk paýlaýar.
Asyrlar içre halkymyzyň ruhy dünýäsiniň tugy bolup gelen türkmen halysyna milli gymmatlyklarymyzyň rowaçlanýan häzirki günlerinde has-da belent sarpa goýulýar. Muňa Döwlet baýdagymyzda we Tugramyzda haly gölleriniň şekillendirilmegi, Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilmegi, şu senä bagyşlanyp halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi, halyçy zenanlaryň döwlet derejesinde sylaglanmagy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halysyna bagyşlap “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryny halkymyza peşgeş bermegi munuň aýdyň mysaldyr. Türkmen halysynyň çig maly hökmünde diňe saryja goýnuň ýazky ýüňünden işlenilip taýýarlanan has berk, maýyşgak, arassa ýüň ýüplük ulanylýar.
Ýüňi saýlap almak, ýüpi taýýarlamak, olary boýamak işleriniň täsin syrlary ene-mamalarymyzyň köp asyrlyk tejribesi esasynda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat” atly kitabynda bu barada şeýle bellenilýär: “Ýöne ýüň taýynlamak işi hem çylşyrymly bolup, ol ylmy işlere ýa-da gollanmalara däl-de, müňýyllyklaryň tejribesine daýanýar we ol türkmenleriň kän-kän nesilleriniň bilesigelijilikli gözlegleriniň netijesidir”. Hormatly Prezidentimiziň bu aýdan sözleri zenanlarymyzyň aň-düşünjesiniň, akyl-paýhasynyň ýokary derejede bolandygyny aýdyň görkezýär. Kalbyňy heýjana salýan gadymy haly senedi henize çenli öz şan-şöhradyny ýitirenok. Biziň milli halylarymyz diňe bir owadan bolman, eýsem, gelin-gyzlarymyzyň arzuw-isleglerini, gözel kalbyny aýdyň şöhlelendirýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Milli buýsanjymyz-türkmen halysy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna toýlarymyzyň bezegi bolan kümüş saçly eneler gatnaşyp, talyp gyzlarymyza ene- mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlar, el-işleri, sungatyň inçe tärleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Dabaranyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz topary türkmen halysy we gelin-gyzlarymyzyň gözelligini wasp edýän şirin aýdym-sazlary bilen ruhy lezzet paýladylar.
Zenan elleriniň gudraty bilen döreýän haly gadymylygy hem nepisligi bilen älemi haýran edip türkmeni dünýä tanadan sungatdyr. Goý, kämil sungata öwrülen halylarymyzyň şan-şöhrady belende galsyn.