img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi

Maslahat hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, paýtagtymyzda ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine guralan dabaraly çärä gatnaşmagy bilen mynasybetli geçirildi. Bu maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýändigi barada maslahatda çykyşlar gurnaldy. Maslahatyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Diýarymyzda çagalara we olaryň enelerine ýokary derejede lukmançylyk kömegini bermäge, perinatalogiýa, pediatriýa we çagalar hirurgiýasy ýaly ugurlar boýunça ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň birnäçesi paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berildi hem-de dünýäde iň soňky lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem çykyşlarda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy düzgünlere eýerýändigi, ýaş nesil barada hemişe alada edýändigi, çagalaryň boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin döredilip berilýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, olaryň gurluşy barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň ýylyň ähli paslynda saglyklaryny dikeltmekleri, wagtlaryny boş geçirmekleri hem-de dynç almaklary üçin ülkämiziň gözel künjekleriniň biri bolan Gökderede we welaýatlarymyzda häzirki zaman sagaldyş-dynç alyş merkezleri olaryň hyzmatyna berildi. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň saglygy hakynda edilýän uly tagallalardan nyşandyr.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çagalaryň gülki sesleriniň hemişe belentde ýaňlanmagyny, eziz Watanymyzyň, ýaş nesliň röwşen geljegi üçin ajaýyp işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, adamzat bähbitli beýik işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegi bilen bagly tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdiler!

Habarlaşmak üçin maglumatlar