Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda deslapky tapgyry geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň deslapky tapgyry Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň fakultetleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirildi.
Bu döredijilik bäsleşiginiň dowamynda “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň ýazgy etmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar, sazlar hem ýaňlandy. Bäsleşigiň 1-nji şertinde talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyşyň üsti bilen 3 minudyň dowamynda ýekelikde wasp etmeli; 2-nji şertinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigit özüniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna ýerine ýetirmeli, wagty 6 minut (çykyş edýän alyp baş rolda bolup 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär); 3-nji şertinde dowamlylygy 3 minutda talyp ýigit ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmeli. Bu döredijilik bäsleşigi diýseň gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, talyp ýigitler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşigiň guramaçylykly, ýokary derejede geçmegi üçin hem-de talyp ýigitleriň ýerine ýetiren çykyşlaryna adalatly baha bermek üçin emin agzalar hem gatnaşdylar. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Ykdysadyýet we dolandyryş (gurluşyk pudagynda)” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Mergen Nurlyýew we Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň ˝Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy˝ hünäriniň 1-nji ýyl talyby Rejebow Hallyberdi işjeň gatnaşandyklary üçin höweslendiriji baýraklara, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ýakup Ataýew baýrakly 3-nji orna, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Süleýman Ilamanow baýrakly 2-nji orna, Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Hojadurdy Hojadurdyýew baýrakly 1-nji orna mynasyp boldular hem-de döredijilik bäsleşiginde Baş baýraga mynasyp bolan Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Senagat elektronikasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Serdar Baýramdurdyýew bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we degişli hormat hatlar bilen sylaglandylar.