img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Arkadagly döwürde bagtyýardyr zenanlar” atly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda “Arkadagly döwürde bagtyýardyr zenanlar” atly maslahat guramaçylykly geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ylym-bilim, sport we medeniýet baradaky komitetiniň ýolbaşçylary hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpa, maşgala mukaddesligi, edep-terbiýe, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, öýlerimiziň bezegi bolan zenanlarymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, bu aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Maslahata ahyrynda oňa gatnaşanlar milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar