Ýaş nesilleriň türkmen ylmyna goşýan goşandyna ýokary baha berildi
Her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” 14109-njy Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär.
Bäsleşik Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini üpjün etmek maksady bilen geçirilýär. Şeýle hem bu döwlet derejesindäki çäräniň öňünde ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmaklygy üpjün etmek wezipesi hem goýulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýaşlaryň gatnaşmagy baradaky meselelere, ylmy işler bilen meşgullanmak üçin hemme şertleriň döredilmegine berýän ünsi netijesinde bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň müňden gowragy tebigy we ynsanperwer ylymlary ulgamynda özleriniň taslamalaryny hem-de nazaryýet barlaglaryny hödürlediler.
Şol bäsleşige institutymyzyň ýaş mugallymlary we talyplary hem öz ylmy işleri bilen işjeň gatnaşdylar we olaryň birnäçesi baýrakly orunlara, ýagny “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Rasulbek Tangriberganow “Türkmenistanyň ýerli çig mallaryny ulanyp ýokary hilli aýakgap kremini öndürmegiň tehnologiýasy” atly tema, şeýle hem “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdar Bekmämmedow “Beton önümlerini taýýarlamakda adaty däl energiýa çeşmelerini ulanmak” atly tema bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldular.