Ylmy-barlag işleri
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň yglan eden ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda galmagyny dowam etdirýär. Türkmen döwletiniň baştutanynyň bu başlangyjy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Dünýäniň abraýly uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleri, ylym-bilim ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýärler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) Hindistanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we Ewropa Bileleşiginiň ERASMUS + guramasy bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyklara we Özara düşünişmek boýunça Ähtnamalara laýyklykda bilelikde degişli çäreler geçirilýär.
TDBGI, Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk, ýaşaýyş-jemagat, himiýa, energetika, senagat we ýol ulag pudaklaryny ylmy taýdan üpjün edýän we bäsleşige ukyply häzirki zaman ylmy-innowasion merkezidir.
TDBGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015- nji ýylyň 13-nji noýabrynda 14488 belgili karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna" laýyklykda Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalary üçin düýpli, amaly ylmy barlaglary geçirilýär.
Soňky ýyllarda institutyň ylmy-barlag işlerinde innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ylmy-barlag işlerini okuw prosesi bilen utgaşdyrylmagyny üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, institut ylmyň ileri tutulýan aşakdaky ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar:
- - “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
- - "Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika";
- - "Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary":
Institutyň ylmy ugurlary:
- - Türkmenistanyň ýaşaýyş, senagat, jemgyýetçilik we beýleki binalarynyň binagärlik-dizaýn taslamalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak;
- - ýerli çig mallary esasynda senagat gurluşyk materiallaryny almagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek we Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçiligine ornaşdyrmak;
- - alternatiw çeşmelerden energiýany almagyň we tygşytly peýdalanmagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek;
- - polietilen galyndylaryny we Garagum çägesini ulanmak arkaly ýan ýoda plitalarynyň we üçek örtükleriniň tejribe nusgalaryny döretmek;
- - ýokary woltly naprýaženiýeleri we elektrik toklary ölçemek we ýygylyk usulynda inžener desgalarynyň monitoringini geçirmek üçin elektron enjamlaryny işläp düzmek;
- - ýyladyş desgalarynda ýylylyk çalşyjy enjamlaryň ulanmak möhletini ýokarlandyrmagyň usulyny işläp düzmek;
- - tebigy resurslaryň ekologiýasy we daşky gurşawa antropogen täsiriniň barlagyny geçirmek;
- - gözenekli kremniniň A3B5 we A2B6 birleşmeleriniň optiki we fotoelektrik häsiýetleriniň barlagyny geçirmek;
- - ýerli çig mallaryň esasynda suwy arassalamak üçin koagulýantlary, aýakgap kremlerini we stronsiniň birleşmelerini almagyň tehnologiýasy;
- - 3D, AutoCAD programmalaryny özleşdirmek we okuw prosesine ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamy üçin milli programma üpjünçiligini işläp düzmek;
- - kompýuter programmalary bilen dolandyrylýan häzirki zaman stanoklarynda metallary gaýtadan işlemegi kämilleşdirmek;
- - tehniki ýokary okuw mekdepleri üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny işläp düzmek;
TDBGI-iň ylmy işleriniň netijeleri Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň önümçilik kärhanalaryna we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna teklip edilýär.
Ylmy çäreler
TDBGI her ýyl Türkmenistanyň baýramçylyk çäreleri mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary we sergileri geçirýär, bu bolsa TDBGI-niň alymlaryna beýleki ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogiki işgärlerini we talyplaryny biziň döwrümiziň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine innowasiýalary girizmek meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyrmaga mümkinçilik berýär.
Institutyň alymlary we talyplary halkara maslahatlara we sergilere işjeň gatnaşýarlar we her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän aşakdaky halkara ylmy-amaly maslahatlara we sergilere öz döredijilik işlerini hödürleýärler:
- - “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnologiýa we innowasiýa tehnologiýalary” atly halkara konferensiýasyna;
- - “Ak şäher Aşgabat” halkara sergisine;
- - “Türkmen gurluşygy-2020” halkara sergisine we “Türkmenistanyň gurluşyk, energetika pudagy we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ösüşi” atly konferensiýasyna;
- - “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Saglyk, bilim we sport” atly halkara sergi we ylmy konferensiýasyna;
- - Türkmenistanyň Senagat işgärler gününe bagyşlanan "Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň innowasion ösüşi" halkara sergisine";
- - “Kitap - hyzmatdaşlyga we ösüşe barýan ýol” atly halkara kitap ýarmarkasyna we çap edilen materiallaryň ylmy konferensiýasyna.
Ýaş alymlar Geňeşi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýaş alymlar Geňeşi-bu ylmy jemgyýetçilik gurluşy bolmak bilen, ylmy-barlag, taslama-konstruktorçylyk, oýlap tapyş, önümçilige ornaşdyrmak, patent we beýleki döredijilik işlerine gatnaşýan ýaş alymlaryň meýletin we öz-özüni dolandyrýan birleşigidir. Ýaş alymlar Geňeşiniň düzümine Ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama işleri boýunça talyplaryň gurnaklary girýär.
Ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama işleri boýunça talyplaryň gurnaklary
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, innowasion tehnologiýalary hemişe özleşdirmek we ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak üçin hünärmenleriň bilimlerini, başarnyklaryny we döredijiligini ösdürmek maksady bilen, talyp ýaşlary ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama işlerine işjeň çekmekdir.
Bu meseläni çözmek üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda talyplary ylmy-barlag we binagärli-dizaýn taslama işlerine işjeň çekmek maksady bilen, ylmy we taslama gurnaklary döredildi.
Ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama işleri geljekki hünärmenleriň institutda alan bilimlerini we başarnyklaryny döredijilikli durmuşa geçirmäge taýynlygyny emele getirýär, ylmy iş usulyýetiniň esaslaryny özleşdirmäge we barlag tejribesini toplamaga kömek edýär.
Talyplary ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama işlerine çekmek, ylmyň we tehnikanyň dürli pudaklaryndaky möhüm meseleleri çözmek üçin, olaryň potensialyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Institutyň islendik talyby, ylmy we taslama gurnagyň agzasy bolmaga we öz gyzyklanmalaryna laýyklykda temany saýlamak we kafedranyň mugallymynyň ýolbaşçylygynda ony ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bardyr. Mugallymlar talyplary ylmy-barlag we taslama işlerine gatnaşmaga, kafedranyň ylmy binýadynyň mümkinçilikleri barada maglumat bermäge, ylmy temalary we taslamalary işläp düzmäge höweslendirýärler, gurnagyň işini zerur enjamlar bilen üpjün edýärler.
Häzirki wagtda institutda şu aşakdaky talyplaryň ylmy we taslama gurnaklary hereket edýärler: “Binagärlik”, “Konstruktiw proýektirleme”, “Tygşytlylyk”, “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy”, “Ýaş energetik”, “Inžener-mehanik”, “Ýaş metallurg”, “Mehanik”, “Ýaş fizik”, “Ýaş energetik”, “Geodeziýaçy”, “Ýol gurluşykçy”, “Gurluşykçy”, “Awtomatika we programmirleme”, “Elektronika dünýäsi”, “Kämil hünärmen”, “Gyzykly informatika”, “Ýaş himik”, “Dil-ruhy hazyna”, “Ýaş ekolog”, “Ýaş tehnolog”, “Inžener-ykdysadyýetçi”, “Inžener-strateg”, “Ýokary matematika”, “Watançy nesil”.
Talyplaryň ylmy we taslama gurnaklary öz işlerini institutyň ylmy ugurlaryna laýyklykda ýerine ýetirýärler we Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň önümçilik kärhanalarynda we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlaýarlar.