
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça II Açyk Halkara internet olimpiadasyny geçirýär we talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Açyk halkara internet olimpiadasy şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Açyk halkara internet olimpiadasynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tdbgi.edu.tm web-sahypasynyň Olimpiadalar we ders bäsleşikleri bölümine goýular.
1. Umumy düzgünler
Düzgünnama Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň “Materiallaryň garşylygy” dersinden II halkara Açyk internet olimpiadasyny (mundan beýläk – Internet olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, olary geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi zehinli talyplaryň ders we taslama bäsleşiklerine köpçülikleýin gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Internet-olimpiýadanyň esasy maksady: - talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek; - tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek; - ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek. Internet-olimpiýadanyň wezipeleri: - häzirki zaman sanly maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek; - sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek; - zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
2. Internet-olimpiadasynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
2.1. Internet-olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. Guramaçylyk topary: - Internet-olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de Internet-olimpiadany guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; - Internet-olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar; - Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar; - Talyplaryň Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arza-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar;
3. Talyplaryň Internet-olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1. Internet-olimpiada umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumlarynyň “Materiallaryň garşylygy” dersinden test ýa-da ýazuw görnüşinde (On-line tertibinde) geçirilýär. Dersleriň bölümleri Türkmenistanyň ýokary biliminiň Döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenýär. 3.2. Internet-olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň pudak tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler. 3.3. Internet-olimpiadanyň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir. 3.4. Internet-olimpiada her ders boýunça öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen 1-4 – nji ýyl talyplary çagyrylýar. 3.5. Internet-olimpiada “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça 6 sany mesele hödürlener we olary çözmek üçin 120 minut wagt beriler. 3.6. Internet-olimpiada şahsy bäsleşik tertibinde geçirilýär. 3.7. Internet-olimpiadalarynyň Eminler toparyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýär hem-de olimpiadanyň ýeňijilige dalaşgärlerini anyklaýar. Eminler toparynyň düzümi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory tarapyndan tassyklanýar. 3.8. Internet-olimpiada gatnaşyjylaryň topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr. 3.9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir.
4. Internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1. Internet-olimpiada gatnaşyjylarynyň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. 4.2. Internet-olimpiadanyň dersler boýunça netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. 4.3. Internet-olimpiadanyň dersler boýunça ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. 4.4. Internet-olimpiadanyň meselesini adaty däl ýol bilen çözen talyp Aýratyn diplom bilen sylaglanýar.
Habarlaşmak üçin: Tel.: (+993) 12 28-18-05, (+993) 65 814482 e-mail: tdbgiob@gmail.com