img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda halypa mugallymlaryň gatnaşmasgynda wagyz-nesihat okuw sapaklary geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda, talyplara halypaçylyk edýän mugallymlar bilen wagyz-nesihat okuw sapaklarynyň geçirilişiniň usulýetini öwretmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň halypa mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda okuw sapaklary geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow “Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň döwletlilik ýörelgesi taglymatyny wagyz etmek” temasyndan hem-de “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Züleýha Orazowa “Halal zähmet-baky döwlet” diýen temasy boýunça okuw sapaklaryny geçirdi. Bu okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň adam gymmatlylygy hakyndaky düşünje şu zamanyň esasy derwaýys ýörelgesidigini, ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardygyny we olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny bellediler. Şeýlelikde ýaşaýşyň manysy adama goýulýan gadyr-gymmatdan başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän kitaplaryndaky pähim-parasatly sözlerini ýerlikli peýdalanmak arkaly ösüp gelýän ýaş neslimize özümiziň halal zähmetimiz hem-de şahsy göreldämiz arkaly terbiýe bermekligiň oňyn netije berjekdigi şübhesizdir. Ýaşlaryň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ynsanperwerligi, zähmete bolan söýgüni terbiýelemek ählihalk wezipesi bolup durýandygyny bellenilip geçildi.

Bu okuw sapagyna gatnaşanlaryň bellemegine görä, esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda watanymyzy bedew bady bilen ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar