img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda göreldeli zähmet çekýän professor-mugallymlary we tapawutlanan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda institutyň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ezber hünärmenleri taýýarlamakda, döwrebap ylym, bilim we terbiýe bermekde hem-de halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde çeken asylly zähmetini we medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşandygyny, şeýle hem talyp ýaşlarynyň öz zehinini, ukybyny açyp görkezip, okuw derslerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenýändigini, halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýandygyny göz öňünde tutup, institut tarapyndan tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglamak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda aýdym-sazly dabaraly nyzam geçirildi.

Dabaraly nyzamyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy we uly dabaralara beslenip belleniljek halkymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözleri beýan etdiler we döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar