Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwaly geçirildi
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden “Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda guramaçylykly geçirildi.
Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: “Medeniýet ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar” diýen taglymatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem ýaş nesliň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwalyny yglan etdi.
Festiwal şu aşakdaky ugurlar boýunça şertlendirildi:
1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler);
2. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym;
3. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy;
4. Talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy;
5. Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş;
6. Talyp durmuşyndan degişme sahnasy;
7. Halk döredijiliginiň eserlerinden parçany ýerine ýetirmek;
8. Şygyrlary çeper okaýyş;
9. Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek;
10. Taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny;
11. Saz astynda tansly çykyş.
Bu döredijilik festiwalynyň dowamynda “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň ýazgy etmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar, sazlar hem ýaňlandy. Şeýle hem, çykyşlarda 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny öwrenmäge, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.