BINAGÄRLIK SUNGATYNYŇ ŞÖHLELENMESI
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim, ylym ulgamyny ösdürmekde edýän atalyk aladalary netijesinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýiti zehinli we innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarýan başarjaň hünärmenleri täze döredijilikli ylmy işlere çekmek, binagärlik, dizaýn we gurluşyk pudagynda taryhy tejribäni hem-de täze tehnologiýalary öwrenmekde ylmy bilimleriň ösmegine we ýaýramagyna goldaw bermek, zehinli talyplary, ýaş alymlary derwaýys ylmy, tehniki we tehnologiki meseleleriň çözgüdini tapmaga gönükdirmek, şeýle-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we halkara tejribeleri paýlaşmak maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 4-5-nji iýunynda utgaşykly (onlaýn we oflaýn) görnüşinde «Binagärlik – gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny üstünlikli geçirdi.
Maslahatyň çäklerinde binagärlik sungatynyň ösüşiniň geljekki ýollary, täzeçil ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalara orun berildi. Maslahatyň işi dört bölümde dowam etdi. «Binagärlik innowasiýalary, döwrebap materiallar we tehnologiýalar», «Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri», «Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak», «Şäherleriň durnukly ösüşi: landşaft binagärligi arkaly amatly şäher gurşawyny döretmek; strategiki şäher-landşaftyň meýilnamalaşdyrylyşy we şäherleriň durnukly ösüş meseleleri; şäher gurşawynyň ekologiýasy we energiýa üpjünçiligi» diýlip atlandyrylan bölümlerde olaryň her biriniň mazmunlaýyn aýratynlyklaryna üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary ýörite ýygynda girizilip, ylmy makalalary çap edildi.