“ÇAGA EZIZ – EDEBI ONDAN HEM EZIZ”
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda professor-mugallymlaryň, işgärleriň we talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni has-da berkitmek boýunça ýygnak geçirildi.
Institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, ýaşlarda ekologiýa, tebigata aýawly garaýşy güýçlendirmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, internet ulgamyny diňe okuw maksatly peýdalanmak, gadagan edilen saýtlara (tiktok, youtube, instagram we şm.) saýtlara girmezlik, audio-wideo we beýleki görnüşler arkaly berilýän maglumatlardan ägä bolmaga we olardan täsirlenip, millilige gabat gelmeýän hereketlere ýykgyn etmezlikleri, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmekleri, kanunbozulmalaryň hem-de jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen geçirilen ýygnaga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, t.y.k P.O.Orazow, okuw işleri boýunça prorektor M.Babaýew, ylmy işler boýunça prorektor G.Gurbansähedow, institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy I.B.Myradow, fakultetleriň dekanlary, institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.