img

ARKADAG HEM PYRAGY – KÖŇÜLLER ŞAMÇYRAGY

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Türkmenistanda ýaşaýan we iş alyp barýan daşary ýurtly şahsy agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Institutymyzyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazmuhammedowiç Orazow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işgärleri we agzalary Güljan Hojaliýewa, Hezretguly Borjakow, Bahar Miriýewa, Kakajan Baýramow, Gülnara Öwezgylyjowa, Saparmyrat Kairow, şeýle hem “Türkmen dünýäsi” gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew gatnaşdylar.

Ýokary guramaçylykly geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Arkadag hem Pyragy – köňüller şamçyragy” ady bilen geçirilen duşuşyk Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer daşary we içeri syýasaty wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar