img

“TALYP JOŞGUNY - 2024”

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny - 2024” atly döredijilik festiwaly geçirýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary 2024-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli bije çekmek arkaly öz ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň arasynda saýlanyp alnan ugur boýunça bäsleşik geçirip, şol bäsleşigiň ýeňijilerinden çeper höwesjeňler toparyny döredýärler.

Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2024-nji ýylyň 1-10-njy iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanýarlar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar